Hojalyk hasaplaşygy diýip nämä düşünilýär?

BIZNES TÜRKMENISTAN
Hojalyk hasaplaşygy diýip nämä düşünilýär?
Öz-özüňi maliýeleşdirmek köplenç diňe kompaniýanyň öz serişdelerini ulanyp, kärhananyň işini maliýeleşdirmegi diýip düşünilýär.

Hojalyk hasaplaşyk bu ykdysadyýetde kärhanalaryň çykdajylaryny we girdejilerini hasaplamagyň bir usuly bolup, kompaniýanyň öz özüni maddy taýdan doly üpjün etmegine düşünilýär. Bu usul girdejiniň bir bölegini köpçüligiň ýa-da kärhananyň işgärleriniň peýdasyna deň paýlamagy we merkez tarapyndan (ýagny hökümet tarapyndan) kesgitlenen bahalaryň çäginde öz-özüňi dolandyrmagy we maliýeleşdirmegi göz öňünde tutýar.

Ykdysatçy Mark Harrisonyň belleýşi ýaly, merkezleşdirilen ykdysadyýet maddy baýlyklaryň döwletde ýa-da jemgyýetçilik eýeçiliginde bolmagydyr. Şahsyýetler we kärhanalar merkezleşdirilen ykdysady meýilnama laýyklykda hereket etmäge borçlanýarlar.

Hojalyk hasaplaşygynyň esasy ýörelgeleri:

  • kärhanalaryň ykdysady garaşsyzlygy (öz-özüni üpjün etmek, öz-özüni maliýeleşdirmek, öz-özüňi dolandyrmak);
  • toparlarynyň we her bir işgäriň ykdysady işleriniň netijelerine maddy gyzyklanma;
  • netijeler üçin maddy jogapkärçilik;
  • puly dolandyrmak.

Öz-özüňi üpjün etmek – hojalyk  iş ýörelgesidir. Ol harytlaryň satylmagyndan, işleriň ýerine ýetirilmeginden we hyzmatlaryň amala aşyrylmagyndan alnan girdejiler bilen ähli çykdajylaryň doly öwezini dolmagyny göz öňünde tutýar.

W.Ý Woloşinanyň we A.G. Bykowanyň “Täze ykdysady syýasat” kitabynda bellenilişi ýaly, öz-özüňi maliýeleşdirmek kärhananyň ýönekeý we giňeldilen üznüksiz hereketi üçin nagt goldaw çeşmelerini özbaşdak kesgitlemek ukybyny we zerurlygyny häsiýetlendirýän ykdysady kesgitlemedir. Öz-özüňi maliýeleşdirmek köplenç diňe kompaniýanyň öz serişdelerini (amortizasiýa we girdeji) ulanyp, kärhananyň işini maliýeleşdirmegi diýip düşünilýär.

2022