Hytaý Türkmenistan bilen tebigy gaz ugrunda ählitaraplaýyn hyzmatdaşlygy maksat edinýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Hytaý Türkmenistan bilen tebigy gaz ugrunda ählitaraplaýyn hyzmatdaşlygy maksat edinýär
Taraplar birek-birege goldaw bermegi dowam etdirmek we goşulmazlyk ýörelgesi ýaly halkara kadalary goramak üçin bilelikde işleşmek barada ylalaşdylar.

Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministri Wang Ýi Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow hem-de wise-premýer Serdar Berdimuhamedow bilen duşenbe güni geçiren duşuşygynda Hytaýyň Türkmenistan bilen tebigy gaz pudagynda giňişleýin hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny aýtdy.

Hytaýyň resmi metbugatynyň sişenbe güni habar berşi ýaly, ministr Wang Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady. Şeýle hem, ol indiki ýyl iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyl dolýandygyny aýdyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläkde ösdürilmegine bil baglaýandygyny belledi.

Tebigy gaz ugrundaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň “esasy” diýip atlandyryp, Wang türkmen tarapyny Hytaýyň uzak möhletleýin hyzmatdaşy hökmünde garaýandygyny tassyklady. Türkmenistanyň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmakda we ikitaraplaýyn bähbitli gatnaşyklary amala aşyrmakda Hytaý türkmen tarapyny söwda, maýa goýum we tehnologiýa ýaly giň ugurlarda hyzmatdaşlyga çagyrdy.

Taraplar birek-birege goldaw bermegi dowam etdirmek we goşulmazlyk ýörelgesi ýaly halkara kadalary goramak üçin bilelikde işleşmek barada ylalaşdylar.

Resmiler iki ýurduň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň bäş ýyllyk meýilnamasyny düzdüler hem-de halkara maglumat we biosfera howpsuzlygyny saklamak işlerini güýçlendirmäge çagyrdylar.

Türkmen resmileri Hytaýyň halkara gatnaşyklarynda Türkmenistana berýän goldawyna minnetdarlyk bildirdiler we ýurduň ykdysady hem-de halkara meselelerde Hytaý bilen gatnaşyklaryny ösdürmäge taýýardygyny aýtdy.

Türkmen wekiliýetiniň Hytaýyň Sian şäherine iş sapary 9-12-nji maý aralygynda dowam edýär. Şeýle hem, türkmen wekiliýeti “Merkezi Aziýa — Hytaý” döwletleriniň daşary işler ministrleriniň nobatdaky mejlisine gatnaşar.

Türkmenistan A, B we C geçirijilerinden ybarat bolan Merkezi Aziýa-Hytaý gaz geçirijisi arkaly Hytaýa tebigy gaz eksport edýär. Häzirki wagtda D geçirijisiniň gurluşygy dowam edýär. Geçen ýyl Hytaý bu gaz geçirijisi arkaly 39 milliard kub metrden gowrak tebigy gaz import etdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022