Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministrini Türkmenistana çagyrdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministrini Türkmenistana çagyrdy
Ýaponiýanyň Premýer-ministri Ýosihide Suga

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministri Ýosihide Suganyň arasynda penşenbe güni telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Onuň dowamynda Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde Lebap welaýatynda Ýaponiýanyň “Sumitomo Сorporation” kompaniýasynyň gatnaşmagynda gurulýan gazturbinaly elektrik bekediniň gurluşygynyň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýandygyny belläp, Ýaponiýanyň Premýer-ministrini onuň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin awgust aýynyň ahyrynda Türkmenistana gelmäge çagyrdy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, Hormatly Prezidentimiz şol saparyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyna we özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Milli energetika ulgamynda möhüm hasaplanylýan bu desga ýurdumyzyň elektroenergetika kuwwatynyň artdyrylmagyna itergi berer diýip, Milli Liderimiz aýtdy.

Şeýle hem, söhbetdeşler abraýly halkara guramalaryň çäklerinde ählumumy hem-de sebit möçberdäki oňyn başlangyçlara we tekliplere özara goldaw berilýändigini belläp, gatnaşyklary ýygjamlaşdyrmaga bolan ikitaraplaýyn gyzyklanmalary tassykladylar.

Habarda bellenilişi ýaly, Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ýaponiýa bilen döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklap, ýapon kompaniýalaryna we maliýe düzümlerine ýurdumyzda zerur goldaw berjekdigine ynam bildirdi.

Premýer-ministr Ýosihide Suga öz kärdeşine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine yzygiderli goldaw berýändigi we oňyn başlangyçlary öňe sürýändigi üçin hoşallyk bildirdi.