“Gazprom” tebigy gazyň eksportyny 33% artdyrmagy meýilleşdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
 “Gazprom” tebigy gazyň eksportyny 33% artdyrmagy meýilleşdirýär
“Gazprom” 2030-njy ýyla çenli tebigy gazyň eksportyny artdyrmagy meýilleşdirýär. (Surat: Gazprom)

“Gazprom” kompaniýasy 2030-njy ýyla çenli, 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende, gaz önümçiligini 23%, eksporty bolsa 33% artdyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada kompaniýanyň başlygynyň orunbasary Oleg Aksýutiniň metbugat ýygnagynda eden çykyşyna salgylanyp, Russiýanyň “Newtegazowaýa wertikal” žurnaly sişenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, “Gazprom”-yň gaz önümçiligi 2019-njy ýylda 500 milliard kub metra, GDA döwletlerinden başga ýurtlara eden eksporty bolsa 199 milliard kub metre barabar boldy. Bu görkezijiler degişlilikde 615 milliard kub metre we 265 milliard kub metre çenli artyp biler.

Baý çig mal binýadynyň özleşdirilmegi we esasy maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde içerki we daşarky bazarlara ugradylýan önümleriň ösüşi üpjün ediler diýip, çykyşda aýdyldy.

Russiýanyň “Gazprom” kompaniýasy tebigy gaz öndürmekde dünýäde öňdebaryjy kompaniýadyr. Dünýäniň 12% we Russiýanyň 68% tebigy gaz önümçiligi “Gazprom” kompaniýasynyň paýyna düşýär.

2022