Intellektual eýeçiligiň obýektlerini goramak boýunça Türkmenistanyň Pudagara topary döredildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Intellektual eýeçiligiň obýektlerini goramak boýunça Türkmenistanyň Pudagara topary döredildi
Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde intellektual eýeçiligiň obýektlerini goramak boýunça Pudagara topary döretmek hakynda Karara gol çekdi we onuň düzümini hem-de düzgünnamasyny tassyklady.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, mejlisiň dowamynda wise-premýer Gadyrgeldi Müşşikow degişli maksatnama laýyklykda, intellektual eýeçiligi goramagyň ulgamyny, ugurdaş döwlet edaralarynyň işini täzeçil usulda kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer intellektual eýeçiligiň obýektlerini goramak boýunça Pudagara topary döretmek hakynda Kararyň taslamasynyň taýýarlanandygyny habar berdi. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan birnäçe döwlet düzümleri bilen bilelikde, onuň Düzgünnamasy taýýarlanyldy we esasy wezipeleri hem-de amala aşyrmaly işleri, düzgün bozulmalarynyň öňüni almak boýunça teklipleri işläp taýýarlamak wezipesi kesgitlenildi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, intellektual eýeçiligiň obýektleriniň goralmagyna gönükdirilen işleriň esasynda toplumlaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmeginiň wajypdygyny belledi we degişli Karara gol çekdi.

Mejlisiň dowamynda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetini düzmek hakyndaky Karara hem gol çekdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022