Aşgabatdaky dükanlaryň hyzmatynyň hili boýunça bäsleşigiň ýeňijileri kesgitlenildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabatdaky dükanlaryň hyzmatynyň hili boýunça bäsleşigiň ýeňijileri kesgitlenildi
“Berkarar” söwda we dynç alyş merkezi TSTB-nyň gurnan bäsleşiginiň netijesi boýunça birinji orna mynasyp boldy.

Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi (TSTB) türkmen paýtagtyndaky söwda merkezleriniň we dükanlarynyň arasynda iň gowy hyzmat bäsleşigini geçirdi.

TSTB-niň resmi saýtynda duşenbe güni habar berlişi ýaly, ýörite bilermenlerden düzülen eminler bäsleşige gatnaşyjylara: iň gowy söwda we dynç alyş merkezi, garyşyk harytlary satýan iň gowy supermarket we iň gowy ýöriteleşdirilen söwda dükany ýaly üç ugur boýunça baha berdiler.

Bäsleşigiň netijelerine görä, şäherdäki iň gowy söwda we dynç alyş merkezi adyny “Berkarar” söwda we dynç alyş merkezi gazandy. Ikinji ýer bolsa geçen ýylyň noýabr aýynda açylan “Gül zemin” söwda we dynç alyş merkezine berildi.

Garyşyk harytlary satýan supermarketleriň arasynda “Kämil” market birinji ýeri eýeledi. Ikinji ýeri bolsa “Halk Market” gazandy.

Ýöriteleşdirilen söwda dükanlaryň arasynda birinji orny G.Kuliýew köçesinde ýerleşýän “Ak gaýa” gurluşyk we hojalyk harytlarynyň söwda dükany eýeledi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi 2008-nji ýylda döredilip, ýurtda kiçi we orta telekeçiligi goldamaga, milli ykdysadyýetiň hususy pudagyny ösdürmäge ýardam etmäge, häzirki zaman telekeçilik infrastrukturasyny emele getirmäge ugrukdyrylan jemgyýetçilik edarasydyr.

2022