Türkmenistan we ÝHHG hyzmatdaşlygynyň ugurlarynyň geljegini maslahatlaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we ÝHHG hyzmatdaşlygynyň ugurlarynyň geljegini maslahatlaşdylar
Ministr Raşid Meredow we ilçi Jon MakGregor umumy maksatlara ýetmekde işjeň gepleşikleri dowam etdirmäge ylalaşdylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG) Aşgabatdaky merkeziniň täze bellenilen Başlygy, ilçi Jon MakGregor bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar häzirki wagtdaky taslamalaryň durmuşa geçirilişine seretdiler, şeýle-de öňde duran döwür üçin hyzmatdaşlygyň ugurlarynyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň DIM-niň habar berşi ýaly, taraplar energiýa howpsuzlygy ulgamynda, şol sanda ÝHHG-niň çäklerinde energiýa durnuklylygy boýunça başlangyçlary işläp taýýarlamakda özara hereketleriň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem, ulag durnuklylygy barada agzalyp geçildi. “Gündogar-Günbatar” geçelgesiniň mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça bilelikdäki taslamalar bilen bagly pikir alyşmalar boldy.

Mundan başga-da, diplomatlar ynsanperwer ugur boýunça hyzmatdaşlygyň derejesine ýokary baha berdiler. ÝHHG-niň Milli azlyklaryň işleri boýunça Ýokary Komissarynyň edarasy, Demokratik institutlar we adam hukuklary boýunça býurosy, Köpçülikleýin habar serişdeleriniň azatlygy boýunça wekili ýaly institutlary bilen Türkmenistanyň işjeň hyzmatdaşlygy bellenildi.

Ministr Raşid Meredow we ilçi Jon MakGregor umumy maksatlara ýetmekde işjeň gepleşikleri dowam etdirmäge ylalaşdylar.