Türkmen tikin fabrigi “Victory” haryt nyşanly köýnekleriň önümçiligine başlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen tikin fabrigi “Victory” haryt nyşanly köýnekleriň önümçiligine başlady
Önümçiligi täze ýola goýlan köýnekler ýokary hilli matalardan dürli reňklerde we görnüşlerde öndürilýär.

Mary welaýatynyň “Ýeňiş” tikin fabrigi ýakyn wagtda dünýä bazarlaryna eksport edilmegi meýilleşdirilýän täze “Victory” haryt nyşanly köýnekleriň önümçiligine başlady. Bu barada Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň resmi saýtynda çarşenbe güni habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, önümçiligi täze ýola goýlan köýnekler ýokary hilli matalardan dürli reňklerde we görnüşlerde öndürilýär.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň tikin fabriginiň esasy önümçiligi erkek adamlaryň we çagalaryň köýnekleri bolup, içerki bazarlarymyzda birnäçe ýyllardan bäri ýokary hilliligi bilen öňdebaryjylaryň hatarynda tanalyp gelýär.

Bu ýerde tikilýän köýnekleriň çig maly hökmünde arassa ak pagta, ýüpek pagta, şeýle hem garyşyk düzümde 80%-pagta, 20%-polýester ulanylýar.

1992-nji ýylda esaslandyrylan “Ýeňiş” tikin fabriginde jemi 335 hünärmen zähmet çekýär. Fabrika önümlerini ýöriteleşdirilen we onlaýn dükanlaryň üsti bilen alyjylara hödürleýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022