“Owadan ülke” hojalyk jemgyýeti şu möwsümde miwe mürepbeleri geçen ýyldakydan bäş esse köp – takmynan 100 müň banka öndürmegi meýilleşdirýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, “NUR” we “Mylaýym” haryt nyşanlary bilen gök we miwe önümleriniň konserwlerini, maýonez, üwmeç we dürli mürepbeleri öndürýän kärhana haryt dürlüligini barha giňeldýär we önümçiligini artdyrýar.
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän kärhana miwe we bakja önümlerinden mürepbe öndürýän desgasyny ulaltmagy we alma, dalçynly alma, käşir, kädi, beýi, gawun bilen bir hatarda ýerli telekeçileriň ösdürip ýetişdiren oba hojalyk önümlerinden mürepbäniň täze görnüşlerini taýýarlamagy meýilleşdirýär. Şeýle hem kompmaniýa konditer önümlerini öndürýän ýerli önümçilik kärhanalar bilen hyzmatdaşlygyň çäginde erikden, şetdalydan, üljeden, ýertudanadan huruş öndürmegi göz öňünde tutýar.
“Owadan ülke” HJ düzüminde ýerli pagta ýagy bolan “Mylaýym” haryt nyşanly maýoneziň üç görnüşiniň önümçiligini ýola goýupdy.