CNPC kompaniýasy “Galkynyş” gaz käninde täze guýulary gurar

BIZNES TÜRKMENISTAN
CNPC kompaniýasy “Galkynyş” gaz käninde täze guýulary gurar
CNPC kompaniýasynyň teklibine laýyklykda, işleri 30 aýyň dowamynda ýerine ýetirmek meýilleşdirilýär. (Surat: "Reuters”)

Hytaýyň CNPC kompaniýasy “Galkynyş” gaz käninde täze guýulary önümçilige girizmek boýunça hyzmatlary ýerine ýetirer. Bu barada anna güni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer Şahym Abdrahmanow Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan täze guýulary gurmak boýunça hyzmatlary alyp barmak babatda halkara bäsleşik geçirilip, CNPC kompaniýasynyň täjirçilik teklibi has amatly hasaplanyldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Kompaniýanyň teklibine laýyklykda, işleri 30 aýyň dowamynda ýerine ýetirmek we amala aşyryljak işler üçin hasaplaşyklary üç ýylyň dowamynda her ýylda 17 milliard kub metr tebigy gazy ugratmagyň hasabyna geçirmek meýilleşdirildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, täze uglewodorod ýataklarynyň, şol sanda dünýäde tebigy gazyň gorlary boýunça iri hasaplanylýan “Galkynyş” gaz käniniň senagat taýdan özleşdirilmegi we döwrebaplaşdyrylmagy boýunça durmuşa geçirilýän çäreleriň işjeňleşdirilmelidigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze guýular burawlananda we türkmen gazyny eksporta ugratmakda möhüm oruny eýeleýän “Galkynyş” gaz känini döwrebaplaşdyrmakda häzirki zaman tehnologiýalarynyň giňden ulanylmagynyň wajypdygyny belledi we bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Türkmenistan umumy kuwwatlylygy ýylda 55 milliard kub metre barabar we A, B hem-de C şahamçalaryndan ybarat bolan Merkezi Aziýa-Hytaý gaz geçirijisi arkaly Hytaýa tebigy gazy eksport edýär. Häzirki wagtda D şahamçasynyň gurluşygy hem dowam edýär. Geçen ýyl Hytaý bu gaz geçirijisi arkaly 39 milliard kub metrden gowrak tebigy gaz import etdi.

Bu gaz geçirijisi 2009-njy ýylda ulanyşa girizilenden bäri Hytaý Türkmenistandan 300 milliard kub metrden gowrak gaz aldy we türkmen “mawy ýangyjyny” iri import ediji bolmagynda galýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022