“Türkmen hemrasy” türkmen işewürlerine amatly internet hyzmatlaryny hödürleýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Türkmen hemrasy” türkmen işewürlerine amatly internet hyzmatlaryny hödürleýär
“Türkmen hemrasy” ÝGPJ gyzyklanma bildiren taraplary tiz we ýokary hilli hyzmatlar bilen üpjün etmegi kepillendirýär.

Türkmen hemrasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti türkmen işewürleri üçin internet hyzmatynyň amatly baha nyrhnamasyny hödürleýär. Kompaniýa Türkmenistanyň giň geografik çäklerini, Garagum sährasyny we daglyk ýerlerini göz öňünde tutup, optiki süýümli kanalyň ýok ýerlerinde emeli hemra arkaly giň zolakly internet toruna birikmäge mümkinçilik döredýär.

Ýurdymyzda ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda zähmet çekýän türkmen işewürleriniň alyp barýan işlerinde aragatnaşyk hyzmatlary örän wajyp orun eýeläp gelýär. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, kompaniýa “TürkmenÄlem 52.0E” milli emeli hemra aragatnaşygy arkaly türkmen işewürlerine ýurdumyzyň ähli ýerlerinde dürli hyzmatlaryndan peýdalanmagy teklip edýär.

Hyzmatlar internet toruna girmekden, wideokonferensiýa we telefoniýa işlerini geçirmekden, giň zolakly internetden hem-de korporatiw tordan peýdalanmakdan, uzak aralykdan ulgamyň dolandyryşy we awtomatizasiýadan (SCADA, wideogözegçilik, telemetriýa we ş.m.), uzak aralykdan lukmanlaryň maslahat işlerini, uzak aralykdan okuw, uzak aralykdan maglumatlaryň alyş-çalyşygyny ýerine ýetirmäge mümkinçilik bermekden ybaratdyr.

“Türkmen hemrasy” ÝGPJ gyzyklanma bildiren taraplary tiz we ýokary hilli hyzmatlar bilen üpjün etmegi kepillendirýär.

Habarlaşmak üçin:

Salgysy: 744000, Aşgabat şäheri, Seýdi köçesi, 10-A jaýy

Tel: +993 12 921 836

Faks: +993 12 921 831

E-mail: info.turkmenhemrasy@online.tm

sales.turkmenhemrasy@online.tm

Resmi internet sahypasy: turkmenhemrasy.gov.tm