Gyrgyzystan türkmen tebigy gazyny import eder

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gyrgyzystan türkmen tebigy gazyny import eder
Döwletleriň Baştutanlary ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň halkara söwdany ösdürmekde düýpli ähmiýetiniň bardygyny tassykladylar. (Surat: Gyrgyzystanyň Prezidentiniň resmi saýty)

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow iki ýurdyň arasynda ýangyç-energetika pudagy boýunça kooperasiýany güýçlendirmegi ylalaşdylar we degişli düzümlere Türkmenistandan tebigy gazy, elektrik energiýasyny, şeýle hem suwuklandyrylan gazy Gyrgyz Respublikasyna ibermek meselesiniň üstünde işlemegi tabşyrdylar. Bu barada Prezidentleriň Aşgabatda geçiren gepleşikleriniň netijesi boýunça duşenbe güni kabul eden Bilelikdäki Beýannamasynda aýdylýar.

Prezidentler türkmen-gyrgyz syýasy gatnaşyklaryny, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň we pugtalandyrmagyň, şeýle-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnama hukuk binýadyny giňeltmegiň möhümdigini tassykladylar.

Döwletleriň Baştutanlary ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň halkara söwdany ösdürmekde düýpli ähmiýetiniň bardygyny tassykladylar. Halkara ulag geçelgelerini döretmek boýunça dürli taslamalara özara gatnaşmagyň ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmäge we giňeltmäge, ulag üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmäge hem-de iki ýurduň ulag-kommunikasiýa desgalarynyň üsti bilen üstaşyr ýük akymlaryny artdyrmaga, harytlary dünýä bazarlaryna örän gysga we netijeli ugur boýunça çykarmagy üpjün etmäge ýardam berjekdigi bellenildi.

Taraplar Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň ýük daşaýjylaryna amatly şertleri döretmegi, şol sanda özara şertlerde wizalaryň resmileşdirilmegi üçin konsullyk ýygymlarynyň nyrhlaryny birmeňzeş etmegi ylalaşdylar.

Döwletleriň Baştutanlary Türkmenistandan Gyrgyz Respublikasyna mineral dökünleri ibermek mümkinçiligine seretdiler we iki ýurduň oba hojalygy pudagynda uly hyzmatdaşlyk mümkinçiliginiň bardygyny nygtadylar.

Prezidentler Gyrgyz Respublikasynda «Türkmenistan» şypahana-dikeldiş ulgamynyň desgasyny we iki ýurtda söwda öýlerini gurmak boýunça maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmagyň meseleleriniň üstünde işlemegi iki ýurduň degişli düzümlerine tabşyrmagy karar etdiler.

Gyrgyzystanyň Prezidentiniň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, gepleşikleriň dowamynda Döwlet Baştutanlary birnäçe meseleler boýunça, şol sanda bilelikdäki işewürlik taslamalaryna goldaw bermek üçin 100 million ABŞ dollar möçberinde Gyrgyz-türkmen ösüş gaznasyny döretmek, şeýle hem güýz-gyş möwsüminde Gyrgyzystany türkmen gazy we elektrik energiýasy bilen üpjün etmek boýunça ylalaşdylar.

Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow Türkmenistanyň paýtagty Aşgabada 27-28-nji iýun aralygynda resmi iş saparyny amala aşyrdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022