Türkmenistana 2 müňden gowrak CAT tehnikalary getirildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistana 2 müňden gowrak CAT tehnikalary getirildi
“Zeppelin Türkmenistan JV” hojalyk jemgyýeti Türkmenistanda “Caterpillar” kompaniýasynyň ýol-gurluşyk enjamlary boýunça resmi dileridir.

Türkmenistana 2001-nji ýyldan bäri “Caterpillar” kompaniýasynyň 2 müňden gowrak CAT markaly ýol-gurluşyk we ýer gazýan tehnikalary getirildi. Tehnikalar Germaniýanyň “Zeppelin GmbH” konserni tarapyndan iberildi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň resmi sahypasynda çarşenbe güni habar berlişi ýaly, konserniň Türkmenistandaky wekilleri “Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işewürligi we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekdäki orny” atly halkara onlaýn konferensiýasynyň dowamynda bu barada bellediler.

Habarda bellenilişi ýaly, “Zeppelin GmbH” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda köp sanly taslamalar durmuşa geçirildi. Olaryň arasynda sebitde ekologiki ýagdaýyň gowulaşmagyna goşant goşmak üçin döredilen “Altyn Asyr” emeli köli hem bar.

1925-nji ýylda esaslandyrylan “Caterpillar” gurluşyk we magdan enjamlaryny, dizel we gaz hereketlendirijilerini, senagatda peýdalanylýan gaz turbinalaryny we dizel-elektrik lokomotiwlerini öndürmek boýunça dünýäde öňdebaryjy kompaniýadyr.

“Zeppelin Türkmenistan JV” hojalyk jemgyýeti Türkmenistanda “Caterpillar” kompaniýasynyň ýol-gurluşyk enjamlary boýunça resmi dileridir. “Zeppelin Türkmenistan” nemes “Zeppelin GmbH” konserniniň bir bölegidir.

2022