Şu ýylyň 7-nji iýulynda “Italýan kompaniýalarynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygynyň maýa goýum we işewürlik mümkinçilikleri” atly mowzuk boýunça çykyşlary geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) resmi saýtynda penşenbe güni habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, onlaýn maslahat Italiýanyň Daşary işler ministrliginiň we Italiýanyň “Servizi Assicurativi del Commercio Estero” (SACE) eksport karz gullugynyň goldawy bilen Türkmenistanyň Italiýadaky ilçihanasy we Italiýanyň senagatynyň umumy konfederasiýasy (Confindustria) tarapyndan guralýar.
Guramaçylaryň bellemegine görä, soňky ýyllarda Türkmenistanyň Italiýa bilen söwda gatnaşyklary yzygiderli ösýär we Italiýada türkmen bazarynda söwda edýän ýa-da oňa gyzyklanma bildirýän kompaniýalar barha köpelýär.
Bu çäre Türkmenistanda italýan kompaniýalary üçin bar bolan maýa goýum we hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini hödürlemek maksady bilen geçirilýär. Türkmenistan Italiýa üçin strategiki hyzmatdaş bolup durýar diýip, guramaçylar bellediler.
Geljek hepdede geçiriljek çärä telekeçilerden başga-da, Türkmenistanyň we Italiýanyň resmileri, şeýle hem “Confindustria” we SACE guramalarynyň ýolbaşçylary gatnaşarlar.
Bu onlaýn maslahat 2021-nji ýylyň güýzünde Italiýanyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministrliginiň howandarlygynda geçiriljek Italiýa-Türkmenistan işewürlik forumyna esasy taýýarlyk çäreleriniň biridir.