Ýewropanyň söwda wekiliýetiniň Türkmenistana sapary meýilleşdirilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýewropanyň söwda wekiliýetiniň Türkmenistana sapary meýilleşdirilýär
Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Palwanow bilen Flandriýanyň maýa goýum we söwda agentliginiň sebitleýin ýolbaşçysy Piter Werplankeniň arasynda geçirilen duşuşyk, 2024-nji ýylyň 10-njy apreli, Brýussel, Belgiýa

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Palwanow çarşenbe güni Flandriýanyň maýa goýum we söwda agentliginiň sebitleýin ýolbaşçysy Piter Werplanken bilen geçiren duşuşygynda taraplar Ýewropanyň söwda wekiliýetiniň Türkmenistana saparyny guramagy maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Belgiýadaky Ilçihanasynyň habar bermegine görä, bu saparyň Ýewropa kompaniýalaryna geljegi uly türkmen bazarynda öz ornuny giňeltmek üçin mümkinçilik döretmegine garaşylýar.

Şeýle hem duşuşykda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Flandriýanyň maýa goýum we söwda agentligi (FIT) Flandriýada ýerleşýän kompaniýalara eksport amallaryny ýerine ýetirmäge ýardam edýär we sebite daşary ýurt kompaniýalaryny hem-de maýa goýumlaryny çekýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022