“Lebapbalyk” Lebap welaýatynda balygy gaýtadan işleýän kärhana gurmagy meýilleşdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Lebapbalyk” Lebap welaýatynda balygy gaýtadan işleýän kärhana gurmagy meýilleşdirýär
Balykçylar Türkmenistanyň çäginde balyk tutýarlar.

“Lebapbalyk” kärhanasy Lebap welaýatynda balygy gaýtadan işleýän kärhanany gurmagy göz öňünde tutýar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, “Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy”, “Düýeboýun”, “Goşbulak”, “Soltan Sanjar” howdanlarynda balyklaryň dürli görnüşini ösdürmäge mümkinçilik bar. Täze guruljak kärhana balyklary gaýtadan işläp, olary içerki we daşarky bazarlara çykarar.

Kerki şäherinden telekeçi Bagtyýar Aşyrow Kerki etrabynyň çäginde ýerleşýän “Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy” suw howdanynyň golaýyndaky 105 gektarlyk kölde degişli işleri durmuşa geçirdi. Şeýle hem balyklaryň haýsy görnüşini köpeltmäge mümkinçiligiň bardygy anyklanyldy.

Türkmenistanda suw howdanlar ulgamynyň umumy meýdany 1 müň 216 gektara ýetirilip, onuň hem 116 gektarynda ýaş balyklar ýetişdirilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, 2018-nji ýylyň oktýabr aýynda balykçylyk pudagyň kärhanalary ýurduň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan hususylaşdyryldy.

2022