Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň düzümine üýtgeşmeler girizdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň düzümine üýtgeşmeler girizdi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň anna güni geçirilen giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň wise-premýerleriniň we hökümet ýolbaşçylarynyň birnäçesiniň wezipesini üýtgetdi we käbirlerini wezipeden boşatdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Hormatly Prezidentimiz Merdan Annadurdyýewi başga işe geçmegi sebäpli Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygy wezipesinden boşatdy.

Türkmen Lideri Gadyrgeldi Müşşikowy Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygy wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy wezipesinden boşadyp, ony Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady, bank we halkara maliýe guramalary meseleleri boýunça orunbasary wezipesine belledi we Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň düzüminden çykarmak barada karara gelendigini aýtdy.

Şeýle hem, Döwlet Baştutany wise-premýer Serdar Berdimuhamedowa dünýädäki häzirki çylşyrymly ýagdaýlaryň ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýetirýän täsirini düýpli seljerip, pudaklaryň durnukly ösüşini üpjün etmek üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz Döwlet Täşliýewi Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy wezipesine belledi. Ol täze wezipä bellenilmezden ozal, şol edaranyň başlygynyň orunbasary wezipesini ýerine ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Şamuhammet Durdylyýewi başga işe geçmegi sebäpli, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy we onuň gurluşyk boýunça baý tejribe toplandygyny göz öňünde tutup, “Aşgabat-siti” şäheriniň gurluşyk kärhanalarynyň direksiýasyna işe iberdi.

Mundan başga-da, Döwlet Baştutanymyz Çarymyrat Pürçekowy Gurluşyk, senagat we elektrik energetikasy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň energetika ministri wezipesinden boşatdy.

Ýaztagan Gylyjow başga işe geçmegi sebäpli, Aşgabat şäheriniň häkimi wezipesinden boşadyldy.

Milli Liderimiz Rahym Gandymowy Aşgabat şäheriniň häkimi wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministri wezipesinden boşatdy.

Hormatly Prezidentimiz Guwanç Orunowy Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministri wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministriniň orunbasary wezipesinden boşatdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulag we aragatnaşyk toplumy boýunça orunbasarynyň wezipesini ýapmak barada karara gelendigini aýdyp, Baýramgeldi Öwezowa bu ugurda ýerine ýetiren işleri üçin minnetdarlyk bildirdi.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň döredilendigini belläp, Mämmethan Çakyýewi agentligiň Baş direktory wezipesine belledi.

Hormatly Prezidentimiz wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, “Türkmendemirýollary” agentliginiň başlygy Azat Atamyradowa berk käýinç yglan etdi.