“Türkmenaýnaönümleri” alty aýda 90 million manatlyk önüm öndürdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Türkmenaýnaönümleri” alty aýda 90 million manatlyk önüm öndürdi
2018-nji ýylyň fewralynda açylan iri aýna önümçilik zawody Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligine degişli bolup durýar.

Gökdepe etrabynyň Owadandepe geňeşliginiň çäginde ýerleşýän “Türkmenaýnaönümleri” kärhanasynda ýanwar – iýun aýlarynda 89 million 741 müň 108 manatlyk önüm öndürildi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň duşenbe güni habar berşi ýaly, kärhananyň bu görkezijisi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 141,2% ýokarlandy.

Şeýle hem kärhanada şu ýylyň başyndan bäri ýörite buýurmalara laýyklykda dürli göwrümli çüýşe gaplarynyň birnäçe görnüşiniň öndürilmegi ýola goýuldy.

Aýna öndürýän iri desga ýylda dury aýnanyň 7 million 200 müň inedördül metrini, tonirlenen aýnanyň 1 million inedördül metrini, taplanan aýnanyň 300 müň inedördül metrini, laminirlenen aýnanyň 100 müň inedördül metrini we aýna paketleriniň 400 müň inedördül metrini öndürmäge ukyplydyr.

2018-nji ýylyň fewralynda açylan iri aýna önümçilik zawody Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligine degişli bolup durýar. Bu ýerde öndürilen önümler diňe bir içerki bazary üpjün etmän daşary ýurtlara hem eksport edilýär.

 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022