Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 6 million ABŞ dollaryna golaý boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty ýekşenbe güni habar berdi.
Daşary ýurt walýutasyna Türkiýäniň hem-de Wirgin adalarynyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awiakerosini we gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar.
Bulardan başga-da, Russiýanyň, Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň işewürler toparlarynyň wekillerine daşary ýurt puluna list aýna hem-de nah ýüplük ýerlenildi.
Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň we Gazagystanyň telekeçileri bahasy 7 million 663 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin pagta süýümini satyn aldylar. Geleşigiň umumy bahasy 6 million manatdan gowrak boldy.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 23-si hasaba alyndy.