Şu ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda Türkmenistanda gaýtadan işlenen balyk we konserwirlenen balyk önümleriniň önümçiligi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 44,4% ýokarlandy. Bu barada Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň maglumatlaryna salgylanyp, “ORIENT” agentligi çarşenbe güni habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, şu ýylyň birinji ýarymynda ýurdumyzda balygyň tutulyşy hem 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 24% ýokarlandy. Mundan başga-da, ýurdumyzyň hususy pudagy tarapyndan senagat möçberinde emeli balyk ösdürilip ýetişdirildi.
2018-nji ýylyň oktýabrynda Türkmenistanyň balykçylyk pudagynyň hususylaşdyrylmagy yglan edilipdi.
Türkmenistanyň balykçylyk pudagynyň esasy kärhanalary Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň (TSTB) agzalary tarapyndan satyn alyndy.