Türkmenabadyň tikin fabriginde 22 million manatlyga golaý önüm öndürildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenabadyň tikin fabriginde 22 million manatlyga golaý önüm öndürildi
Häzirki wagtda fabrikde 500-e golaý gelin-gyzlar zähmet çekýär.

Türkmenabadyň tikin fabriginde 2021-nji ýylyň birinji ýarymynda önümçilik meýilnamasynda görkezilen 16 million 440 müň 940 manatlyga derek 21 million 661 müň 696 manatlyk önüm öndürildi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň penşenbe güni habar berşi ýaly, ýurdumyzyň dokma senagaty ministrligine degişli bu fabrigiň işiniň ösüş depgini 131,8%-e deň boldy.

Habara görä, häzirki wagtda fabrikde 500-e golaý gelin-gyzlar zähmet çekip, bazar ykdysadyýeti şertlerinde bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýärler.

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň düzümine gaýtadan işleýän we taýýar önümleri öndürýän kärhanalaryň 80-den gowragy girýär. Ýurdumyzda öndürilýän dokma önümleriniň 55%-den gowragy daşary ýurtlara eksport edilýär.