Türkmenistanda alkogolsyz içgileriň önümçiligi 28% ýokarlandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda alkogolsyz içgileriň önümçiligi 28% ýokarlandy
TSTB-niň 13 ýyllygy mynasybetli geçirlen sergi, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanda 2021-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda gazlandyrylan we alkogolsyz içgileriň önümçiligi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 28% ýokarlandy. Bu barada Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň maglumatlaryna salgylanyp, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi (TSTB) anna güni habar berdi.

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň maglumatlaryna görä, şu ýylyň birinji ýarymynda köp görnüşli süýt önümleriniň önümçiligi 13,1% artdy.

Şeýle hem degişli döwürde ýurdumyzyň kärhanalary konditer önümleriniň önümçiligini 10,8%, şöhlät önümleriniň önümçiligini bolsa 7,2% ösdürdiler.

Mundan başga-da, şu ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda Türkmenistanda gaýtadan işlenen balyk we konserwirlenen balyk önümleriniň önümçiligi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 44,4% ýokarlandy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022