Bütindünýä banky Türkmenistana koronawirusyň öňüni almak üçin karz serişdelerini berýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Bütindünýä banky Türkmenistana koronawirusyň öňüni almak üçin karz serişdelerini berýär
Gepleşigiň dowamynda taraplar ýola goýlan hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Bütindünýä banky toparynyň Halkara täzeleniş we ösüş bankynyň arasynda ýurdumyzda koronawirus ýokanjynyň öňüni almak üçin 20 million ABŞ dollary möçberinde karz almak barada Karz ylalaşygyna gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň resmi sahypasynda habar berilýär.

Habara görä, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň edara binasynda duşenbe güni Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow bilen Bütindünýä bankynyň Türkmenistan boýunça dolandyryjysy Ýan Peter Oltersiň we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin direktory Tatýana Proskurýakowanyň arasynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gepleşik geçirildi.

Bu gepleşigiň maksady, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanhuly Berdimuhamedowyň “COVID-19-a garşy hereket etmek” taslamasy boýunça Bütindünýä bankyndan ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyna karz almak hakynda” degişli Kararyny ýerine ýetirmekden hem-de Bank bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.

Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow bilen Bütindünýä bankynyň Türkmenistan boýunça dolandyryjysy Ýan Peter Olters tarapyndan Türkmenistanyň Hökümeti bilen Bütindünýä bankynyň Halkara täzeleniş we ösüş bankynyň arasynda karz almak barada Karz ylalaşygyna gol çekildi.

Bütindünýä banky toparynyň Halkara täzeleniş we ösüş bankyndan alnan karz serişdesiniň koronawirus ýokanjynyň öňüni almak üçin zerur bolan abzallary, derman serişdelerini, lukmançylyk enjamlaryny, ýagny bu abzallar üçin reaktiwleri hem-de sanjym etmek üçin şprisleri satyn almaga gönükdiriler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022