“Gamyşlyjanebit” nebitgazçykaryş müdirliginiň işgärleri 2021-nji ýylyň alty aýynda 361 müň 400 tonna nebit çykardylar. Bu barada Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň elektron gazeti sişenbe güni habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, “Türkmennebit” döwlet konsernine degişli bolan bu müdirlik, häzirki zaman kämil tehnologiýalary we enjamlary bilen üpjün edilendir.
Müdirligiň hünärmenleri Balkan welaýatyndaky Şatut, Kerem we Altyguýy ýataklarynda işleri alyp barýarlar.
Häzirki wagtda “Türkmennebit” döwlet konserni Demirgazyk Goturdepe ýatagynda ulanyş guýularynyň 11-siniň we gözleg guýularynyň ikisiniň gurluşygyny alyp barýar.