Türkmenistanda temmäki önümleriniň söwdasynyň täze düzgünleri kabul edildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda temmäki önümleriniň söwdasynyň täze düzgünleri kabul edildi
Türkmenistanda temmäki önümleriniň söwdasy diňe Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň garamagyndaky ýuridiki şahslar tarapyndan amala aşyrylyp bilner.

Türkmenistanda temmäki önümleriniň söwdasynyň täze Kadalary kabul edildi. Degişli Kadalar Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň resmi sahypasynda ýaýradyldy.

Täze Kadalara laýyklykda, Türkmenistanyň çäginde temmäki önümleriniň lomaý we bölek söwdasy diňe Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň garamagyndaky ýuridiki şahslar tarapyndan amala aşyrylyp bilner.

Sertifikatlaşdyrylan temmäki önümleriniň bölek söwdasynyň ýöriteleşdirilen, azyk we azyk däl harytlaryň köp görnüşli dükanlarynyň bölümlerinde (seksiýalarynda) amala aşyrylmagyna ýol berilýär.

Temmäki önümleri satylanda bu harytlar üçin ýörite saklanyş şertleri üpjün edilmelidir: olar alyjylaryň gözi düşmeýän ýerlerde gizlin saklanylmalydyr. Söwda dükany temmäki önümleriniň sanawyny söwda zalynda ýerleşdirip biler. Şeýle-de temmäki önüminiň alyja görkezilmegi, onuň talap etmegi boýunça satylýan temmäki önümleriniň sanawy bilen tanyşandan soň amala aşyrylyp bilner.

Mundan başga-da, temmäki önümleriniň satylýan ýerlerinde kämillik ýaşyna ýetmediklere satylmagynyň gadagan edilýändigi hakynda bildirişler görkezilmelidir. Satyjyda temmäki önümini alýan şahsyň kesgitlenen ýaşdan kiçidigi barada şübhe dörän ýagdaýynda satyjy temmäki önümlerini satmakdan ýüz öwürmeli we alyjynyň hakyky ýaşyny kesgitlemek maksady bilen pasportyny ýa-da onuň ornuny tutýan resminamany talap etmeli.

Täze düzgünlere laýyklykda elektron çilimleri, şeýle hem süzgüçsiz çilimleri satmak gadagandyr. Temmäki önümlerini sport desgalarynyň, saglygy goraýyş, medeniýet we jemgyýetçilik iýmiti edaralarynyň çäklerinde satmak gadagandyr.

Şeýle hem demir ýol, awtoulag, howa menzilleriniň, deňiz we derýa portlarynyň çäginde we jaýlarynda, myhmanhanalarda hem-de bilim edaralarynyň serhedinden azyndan 100 metr aradaşlykda ýerleşýän söwda nokatlarynda temmäki önümlerini satmaklyk gadagan edilýär.

Bu görnüşli önümleriň aragatnaşyk ulgamlarynyň ýa-da islendik beýleki tehnologiýalaryň peýdalanylmagy bilen, Internet arkaly, şeýle-de söwda awtomatlary arkaly satmak gadagandyr.

Temmäki önümleriniň söwdasynyň täze Kadalary Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi we Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi bilen ylalaşygy esasynda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan şu ýylyň iýul aýynyň başynda kabul edildi.

2022