Gruziýa Türkmenistana takmynan 163 tonna doňdurylan et eksport etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gruziýa Türkmenistana takmynan 163 tonna doňdurylan et eksport etdi
Türkmenistan Gruziýa 411 müň ABŞ dollary möçberinde oba hojalyk önümlerini eksport etdi.

2021-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlary aralygynda Gruziýa Türkmenistana jemi 361 müň 200 ABŞ dollary möçberinde 162,9 tonna doňdurylan et eksport etdi. Bu barada Gruziýanyň Oba hojalyk ministrligine salgylanyp, Azerbaýjanyň “Trend” agentligi ýekşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, mundan başga-da, hasabat döwründe Gruziýa Türkmenistana 403,5 tonna, ýagny jemi 303 müň 800 ABŞ dollaryna barabar bolan towuk etini iberdi.

Şeýle hem, şu ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda Gruziýadan Türkmenistana jemi 87 müň 900 ABŞ dollaryna deň bolan 8,8 tonna azyk goşundylarynyň getirilendigi görkezilýär.

2021-nji ýylyň ilkinji dört aýlarynda Gruziýadan Türkmenistana edilen oba hojalyk önümleriniň eksporty 1 million 700 müň ABŞ dollaryna barabar boldy. Hasabat döwründe Türkmenistan hem öz gezeginde Gruziýa 411 müň ABŞ dollary möçberinde oba hojalyk önümlerini eksport etdi.