“Altyn Ýunus” konditer önümleriniň eksportyny artdyrýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Altyn Ýunus” konditer önümleriniň eksportyny artdyrýar
“Altyn Ýunus” hususy kärhanasy konditer önümlerini öndürmekde diňe bir içerki däl, eýsem dünýäniň öňdebaryjy öndürijilerinden import edilýän çig mallaryny hem ulanýar.

Konditer önümlerini öndürmek bilen meşgullanýan “Altyn Ýunus” hususy kärhanasy eksport çägini giňeldýär. Häzirki wagtda kompaniýanyň önümleri Azerbaýjana, Täjigistana, Gazagystana, Gyrgyzystana, Russiýa we Yraga eksport edilýär.

Kompaniýanyň wekiliniň “Biznes Türkmenistan” internet neşirine beren maglumatyna görä, “Altyn Ýunus” kompaniýasynyň önümlerini Türkmenistanyň çägindäki islendik dükandan satyn alyp bolýar. Geljekde kärhana Ýewropa, Afrika we Ýakyn Gündogar ýurtlaryna konditer önümlerini eksport etmegi maksat edinýär.

Kompaniýanyň önümçilik desgalary Ýewropanyň we Aziýanyň ýokary tehnologiýaly enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr we onuň barlaghanalarynda önümleriň hiline doly derejede gözegçilik edilýär. Konditer önümlerini öndürmekde diňe bir içerki däl, eýsem dünýäniň öňdebaryjy öndürijilerinden import edilýän çig mallar hem ulanylýar.

Mundan başga-da, “Altyn Ýunus” HK birnäçe daşary ýurtly öndürijileriň distrubýutory bolup durýar. Bu ugurda ýörite taýýarlanan topar işleýär we daşary ýurtlardan getirilýän konditer önümleri bilen ýurdumyzyň ähli künjegindäki söwda nokatlaryny üpjün edýärler.

Kompaniýa önümleriniň gerimini giňeltmegi meýilleşdirýär. Şeýlelikde, häzirki wagtda kompaniýa tarapyndan täze şokolad görnüşleriniň üstünde işler alnyp barylýar we şu ýylyň ahyryna çenli täze önümi içerki bazara çykarmak meýilleşdirilýär.

“Altyn Ýunus” hususy kärhanasy 10 ýyldan bäri türkmen bazarynda iş alyp barýar. Häzirki wagtda kärhanada 150-den gowrak hünärmen zähmet çekýär.

Geçen ýyl kompaniýa daşary ýurtly müşderilerini artdyrmak maksady bilen, Russiýada geçirilen “PRODEXPO 2020” sergisine, şeýle hem Dubaý şäherinde geçirilen “Gulfood 2020” halkara azyk harytlary sergisine gatnaşdy.