Türkmen telekeçileri Russiýada halkara sergä gatnaşýarlar

Türkmen telekeçileri Russiýada halkara sergä gatnaşýarlar
Duşenbe güni öz işine başlan şu ýylky halkara sergä Türkmenistandan “Altyn Ýunus” we “Parahat” hususy kärhanalary öz harytlaryny görkezýär.

Türkmen telekeçileri Russiýanyň paýtagty Moskwada dowam edýän “PRODEXPO 2020” sergisine gatnaşýarlar.

Duşenbe güni öz işine başlan şu ýylky halkara sergide Türkmenistandan “Altyn Ýunus” we “Parahat” hususy kärhanalary öz harytlaryny görkezýär.

10 ýyldan gowrak iş tejribesi bolan “Altyn Ýunus” hususy kärhanasy önümçilik bilen hem-de birnäçe daşary ýurt kompaniýalaryň önümleriniň resmi dilerligi bilen meşgullanýar.

Kompaniýanyň öndürýän “Ýunus” haryt nyşanly dürli görnüşli çigitleri, arahisleri, pisseleri we sakgyçlary türkmen sarp edijileri tarapyndan uly meşhurlyga eýe boldy. Şeýle-de kompaniýa “Melek” haryt nyşanly taýajykly karamel öndürýär.

“Ýunus” we “Melek” haryt nyşanly önümler Gazagystana, Gyrgyzystana, Täjigistana, Azerbaýjana, Owganystana, Türkiýä, Yraga eksport edildi. Häzirki wagtda önümleri Belarusyň, Mongoliýanyň we Russiýanyň bazarlaryna ibermek boýunça işler geçirilýär.

“Altyn Ýunus” kompaniýasy 16-20-nji fewralda Dubaýda geçiriljek “Gulfood 2020” azyk harytlar sergisinde öz harytlaryny görkezmäge taýynlanýar. Ýakyn Gündogaryň iň uly halkara azyk sergisi şu ýyl 25-nji gezek gurnalýar.

“Eçil”, “Joş”, “Özi”, “Han çaý” içgileri, “Ýeserje” çaga pýuresi, “Dat” üwmeçleri, “Süýtli dere” süýtleri, “Däp” gatyklary we “Köşili” şöhlatlary bilen ýurtda adygan “Parahat” hususy kärhanasy bu önümlerini “PRODEXPO 2020” sergisine çykardy.

Daşary ýurtlarda geçirilýän halkara sergilerine birnäçe gezek gatnaşan “Parahat”, geçen ýylyň oktýabr aýynda Gyrgyzystanda guralan sergide öz önümleri bilen aýlanýanlary tanyşdyrypdy. Kärhana “Gulfood” sergisine hem gatnaşdy.

1993-nji ýylda esaslandyrylan “Parahat” hususy kärhanasy 2013-nji ýylda azyk senagatyna bolan ünsi güýçlendirip, şol ýylyň maý aýynda ilkinji gezek “Joş” haryt nyşanly miwe şirelerini ilata hödürledi. Şol ýyldan bäri bolsa, önümleriniň görnüşlerini yzygiderli artdyryp gelýär.

“PRODEXPO” Russiýada we Gündogar Ýewropada azyk harytlary boýunça iň iri halkara sergisi hasaplanýar. Şu ýyl 27-nji gezek guralýan sergide dünýäniň 70 ýurdundan 2,600 kompaniýa önümlerini görkezýär. 14-nji fewrala çenli dowam edýän sergä dünýäniň 112 ýurdundan 67 müň adamyň aýlanmagyna garaşylýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022