“Toyota” sentýabrda awtoulag önümçiligini 40% azaltmagy meýilleşdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
 “Toyota” sentýabrda awtoulag önümçiligini 40% azaltmagy meýilleşdirýär
“Toyota” kompaniýasy sentýabr aýynda meýilleşdirilen 900 müňe derek 500 müňe golaý awtoulag öndürmekçi.

Ýaponiýanyň “Toýota” öňdebaryjy awtoulag kompaniýasy öňki meýilnamasy bilen deňeşdirilende sentýabr aýynda önümçiliginiň 40% azalandygyny mälim etdi. Bu barada Ýaponiýanyň “Nikkei Asia” internet neşiri penşenbe güni habar berdi. Internet neşiriň bellemegine görä, önümçiligiň azalmagy kompaniýa tarapyndan ulanylýan çipleriň üpjünçiliginiň ýetmezçiligi bilen baglanyşyklydyr.

Iýul aýynyň çaklamalaryna görä, “Toyota” kompaniýasy sentýabr aýynda takmynan 900 müň awtoulag öndürmegi meýilleşdirýärdi, ýöne çipler bilen üpjün etmekdäki kynçylyklar ýüze çykandygy sebäpli önümçiligiň sanyny 500 müňe çenli azaltdy. Demirgazyk Amerikada, Hytaýda we Ýewropada hem awtoulaglaryň önümçiligi on müňlerçe azalmagy ähtimaldyr.

Neşiriň habaryna görä, netijede, sentýabr aýynda kompaniýanyň önümçiligi geçen ýylyň degişli aýyndan pes bolar. Geçen ýyl sentýabrda kompaniýa 840 müň awtoulag öndüripdi.

Şeýle hem Wýetnamda COVID-19 pandemiýasynyň ýaýramagynyň düýpgöter ýokarlanmagy bu ýagdaýa täsir etdi. Pandemiýanyň güýçlenmeginiň netijesinde önümçilik üçin gerekli ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak we olary getirmek has çylşyrymlaşdy.

Önümçiligiň azalandygy baradaky habaryň netijesinde “Toyota” kompaniýasynyň paýnamalary 4,7% pese gaçdy.

“Toýota” kompaniýasynyň resmi dileri “Beýik ýüpek ýoly” kompaniýasy Aşgabatda şu ýylyň iýul aýynyň başynda “Toyota Land Cruiser 300” kysymly awtoulagynyň tanyşdyryş dabarasyny geçirdi.