Aşgabat: koronawirusyň ýaýramagynyň syýasylaşdyrylmagy ýol berilmesizdir

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabat: koronawirusyň ýaýramagynyň syýasylaşdyrylmagy ýol berilmesizdir
Türkmenistan BMG-niň ugurdaş düzümleriniň işiniň güýçlendirilmegini pandemiýanyň ýaramaz ykdysady täsirlerini azaltmagyň has netijeli usuly hasaplaýar. (Surat: "Reuters")

BMG-niň ähli agza döwletleriniň hem-de edaralarynyň umumy howpa garşy göreşmekde jebisliginiň we raýdaşlygynyň ähmiýetini belläp, Aşgabat koronawirusyň ýaýramagy bilen bagly meseleleriň syýasylaşdyrylmagyny ýol berilmesiz hasaplaýar. Bu barada ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň duşenbe güni Türkmenistanyň resmi metbugatynda çap edilen beýanynda aýdylýar.

Türkmenistan dünýä ykdysadyýetini dikeltmegiň aýratyn esasy ugurlary boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň ugurdaş düzümleriniň işiniň güýçlendirilmegini pandemiýanyň ýaramaz ykdysady täsirlerini azaltmagyň has netijeli usuly hasaplaýar.

Şunuň bilen baglylykda Aşgabat Baş Assambleýanyň 76-njy mejlisiniň barşynda şu halkara we sebit gurallaryny: Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň koronawirusyň genomyny öwrenmek boýunça Ýörite maksatnamasyny; öýken sowuklamasyna garşy göreşmek boýunça köptaraplaýyn guralyny; Ýiti ýokanç keselleri bejermek we öňüni almak boýunça usulyýet merkezini; Merkezi Aziýanyň epidemiologiýa, wirusologiýa we bakteriologiýa boýunça sebit merkezini esaslandyrmak barada teklipleri öňe sürmegi maksat edinýär. 

Şeýle-de Türkmenistan ýokarda agzalan teklipleri amala aşyrmakda Birleşen Milletler Guramasynyň agza ýurtlarynyň hem-de ýöriteleşdirilen edaralarynyň goldawyna bil baglaýar.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisi Nýu-Ýorkda 14-nji sentýabrda geçiriler. Mejlis onlaýn hem-de adaty formatda geçiriler. Mundan başga-da, 21-27-nji sentýabr aralygynda 110-a golaý döwlet Baştutanlarynyň çykyşlary gurnalar.