Türkmenistan bilen Owganystan “Ymamnazar–Akina” gümrük nokadyny işjeňleşdirer

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen Owganystan “Ymamnazar–Akina” gümrük nokadyny işjeňleşdirer
Taraplar serhetýaka sebitlerde serhet, gümrük we fitosanitariýa gözegçiligi boýunça wezipeleriň ýerine ýetirilişi bilen bagly hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerini maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, şeýle-de Türkmenistanyň degişli pudaklaýyn dolandyryş we harby edaralarynyň wekilleri duşenbe güni Owganystanyň Farýab welaýatynyň ygtyýarlandyrylan wekilleri, hususan-da, Andhoý, Hançarbag, Gurgan etraplarynyň häkimleri hem-de Akina gümrük nokadynyň başlygy bilen duşuşdylar. Duşuşygyň dowamynda taraplar sanitariýa-epidemiýa kadalaryna laýyklykda, “Ymamnazar–Akina” gümrük gözegçilik nokadynyň işini güýçlendirmegi ylalaşdylar.

Türkmenistanyň DIM-niň habar berşi ýaly, taraplar serhetýaka sebitlerde serhet, gümrük we fitosanitariýa gözegçiligi boýunça wezipeleriň ýerine ýetirilişi bilen bagly hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle-de duşuşykda ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Owgan tarapy zerur bolan lukmançylyk enjamlary bilen üpjün etmek babatda türkmen tarapynyň dostlukly goldawyny kanagatlanma bilen kabul etdi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan türkmen-owgan serhedindäki gözegçilik-goýberiş nokatlarynyň işini bökdençsiz üpjün etmegi, şeýle-de häzirki hereket edýän şertnamalaryna laýyklykda Owganystana elektrik energiýasyny ugratmagy dowam edýär.