“Serhetabat–Turgundy” gözegçilik-göýberiş nokadynda sişenbe güni Owganystanyň Hyrat welaýatynyň ygtyýarly wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşykda “Serhetabat–Turgundy” gümrük nokadynyň işiniň güýçlendirilmegi, hususan-da ondan geçirilýän ýükleriň göwrüminiň artdyrylmagy, şeýle-de zerur bolan lukmançylyk enjamlarynyň üpjün edilmeginde degişli hemaýatlaryň berilmegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar berşi ýaly, duşuşyga şeýle-de iki ýurduň bank-maliýe we lukmançylyk edaralarynyň, beýleki ugurdaş hem-de harby düzümleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Söhbetdeşligiň dowamynda häzirki hereket edýän sanitar-epidemiologiki kadalarynyň nazarda tutulmagy bilen, serhetýaka zolaklarynda serhet, gümrük we fito-sanitar gözegçiliginiň amala aşyrylmagy bilen bagly bolan ikitaraplaýyn özara hereketleriň häzirki meselelerine seredildi.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan türkmen-owgan serhedindäki gözegçilik-goýberiş nokatlarynyň işini bökdençsiz üpjün etmegi, şeýle-de häzirki hereket edýän şertnamalaryna laýyklykda Owganystana elektrik energiýasyny ugratmagy dowam edýär.