Lebap welaýatynda kuwwatlylygy 432 megawat bolan gazturbinaly elektrik stansiýasy açyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Lebap welaýatynda kuwwatlylygy 432 megawat bolan gazturbinaly elektrik stansiýasy açyldy
Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň täze desgasyna Şweýsariýanyň Federal Tehnologiýa institutynyň “Innowasion täze tehnologiýalar” güwänamasy dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda anna güni kuwwatlylygy 432 megawat bolan gazturbinaly elektrik stansiýasynyň açylyş dabarasy boldy. Täze desga ozal hereket edýän Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň çäginde bina edildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Habara görä, açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Lebap welaýat häkimliginiň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat döwlet ministri Kiýoşi Ejimanyň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyza gelen ýapon wekiliýeti gatnaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, bu taslama Energetika ministrliginiň “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasy tarapyndan daşary ýurtly hyzmatdaşlar hem-de Ýaponiýanyň “Sumitomo Corporation” we “Mitsubishi Power Ltd”, Türkiýäniň “Rönesans Holding” kompaniýalary bilen bilelikde amala aşyryldy.

“Sumitomo Corporation” kompaniýasy bu iri energetika desgasynyň gurluşyk-gurnama işlerine 2018-nji ýylyň noýabrynda girişdi. Desganyň kömekçi potratçylyk işlerini energetika desgalarynyň gurluşygynda uly tejribesi bolan “Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanaýi we Tijaret Anonim Şirketi” kompaniýasy ýerine ýetirdi.

Elektrik stansiýasy Ýaponiýanyň meşhur “Mitsubishi Power Ltd” kompaniýasynyň her biriniň kuwwatlylygy 144 megawat bolan üç sany gazturbina enjamlary bilen enjamlaşdyryldy. Ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynyň taryhynda bu kompaniýanyň tehnologiýalary ilkinji gezek ulanylýar. Bu ýerde energobloklardan başga-da zerur bolan kömekçi desgalar guruldy.

Täze desganyň ulanylmaga berilmegi bilen, ýurdumyzyň energoulgamynyň bellenen kuwwatlylygy ýene-de 432 megawat artar, öňden hereket edýän Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň kuwwatlylygy bolsa 581,2 megawata deň bolar. Lebap welaýatynyň sarp edijileriniň energiýa üpjünçiliginiň ygtybarlylygy artar, täze iş orunlary dörediler. Özbegistana, Gyrgyz Respublikasyna we Owganystana elektrik energiýasynyň iberilişiniň möçberini artdyrmaga mümkinçilik berer. 

Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň täze desgasyna “Mitsubishi Power Ltd” kompaniýasy tarapyndan öndürilýän M701DA görnüşli gazturbinalaryň Merkezi Aziýada ilkinji gezek gurnalandygyny tassyklaýan “Sumitomo” korporasiýasynyň güwänamasy hem-de Şweýsariýanyň Federal Tehnologiýa institutynyň “Innowasion täze tehnologiýalar” güwänamasy we Germaniýanyň “Max Planck” institutynyň “Täsiri ýokary we dowamly bolmagy üçin” güwänamasy dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

2022