“Gündogar akymy” şu ýyl 60 tonna günebakar ýagyny öndürdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Gündogar akymy” şu ýyl 60 tonna günebakar ýagyny öndürdi
Kompaniýa günebakar ýagy, bugdaý uny bilen birlikde, kofe önümlerini hem öndürýär.

“Gündogar akymy” hojalyk jemgyýeti şu ýyl 150 tonna günebakar çigidini gaýtadan işläp, ondan 60 tonna ýag, 90 tonna sarun aldy. Bu barada “Rysgal” gazeti duşenbe güni habar berdi.

Zawodyň esasy çig maly, ýagny ýag berýän ösümlikleriň hasyly ýerli daýhanlardan satyn alynýar.

Kompaniýanyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynda ýerleşýän ösümlik ýagyny we un öndürýän zawodynda Hytaý Halk Respublikasynyň tehnologiýalary ulanylýar. Bu barada “Rysgal” gazeti duşenbe güni habar berdi.

Zawodyň kuwwatlylygy ýylda 18 müň tonna çigidi gaýtadan işläp, 7 müň 200 tonna arassalanan ösümlik ýagyny hem-de günde 60 tonna un öndürmäge barabardyr.

“Gündogar akymy” hojalyk jemgyýetiniň «Günaý» haryt nyşanly günabakar ýaglary 1 hem-de 5 litrlik gaplarda satylýar.

“Gündogar akymy” kompaniýasyna 2020-nji ýylda Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň çäginde oba hojalyk ekinlerini ýetişdirmek üçin 6 müň gektar ýer bölünip berildi. Bu ýerde ekin dolanyşygy esasynda 900 gektar günebakar çigidini, hersi 850 gektardan soýa, raps, künji, 2 müň 550 gektar bugdaý ekmek göz öňünde tutulýar.

Kompaniýa günebakar ýagy, bugdaý uny bilen birlikde, kofe önümlerini hem öndürýär. Kofe däneleri Braziliýadan getirilýär hem-de gaýtadan işlenilýär.

“Gündogar akymy” hojalyk jemgyýeti ýakyn geljekde maýonez önümçiligini ýola goýmagy hem göz öňünde tutýar.

2022