Türkmenistana jemi $1,8 millionlyk insulin gelip gowuşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistana jemi $1,8 millionlyk insulin gelip gowuşdy
Bu tapgyra çalt hereket edýän insulinler – Aktrapid we Mikstard girýär. (Surat: BMGÖM)

Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine (TSGDSM) jemi bahasy 1 million 800 ABŞ dollaryndan gowrak bolan insuliniň birinji tapgyryny getirdi.

BMGÖM-nyň metbugat beýanatynyň habar berşi ýaly, süýji diabetini bejermekde örän möhüm derman bolan insulin 2020-nji ýylyň dekabrynda TSGDSM-niň we BMGÖM-nyň ýurdumyzda ýokanç däl kesellere gözegçilik etmek üçin ýardam etmek boýunça bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde gowşuryldy. Býujeti 32 million 800 müň ABŞ dollaryna barabar bolan bu taslama Türkmenistan Hökümeti tarapyndan dolulygyna maliýeleşdirilýär we ýürek-damar, onkologiki, endokrin, newrologiki kesellerini we dem alyş synalarynyň dowamly kesellerini bejermek üçin möhüm dermanlary getirmegi göz öňünde tutýar.

Birinji tapgyra çalt hereket edýän insulinler – Aktrapid we Mikstard girýär. BMGÖM ýakyn wagtda Ýewropanyň öndürijilerinden beýleki görnüşli insulini, ruçka-şprisleri we iňňeleri üpjün etmegi meýilleşdirýär.

BMGÖM azyndan 36 ýurda lukmançylyk maksatly önümleri satyn almaga ýardam edýär. Olaryň arasynda Ukraina, Gazagystan, Eýran, Moldowa we Türkmenistan bar. Derman serişdeleriň Halkara guramalaryň üsti bilen satyn alynmagy olaryň bahalarynyň amatly we hiliniň ýokary bolmagyna ýardam berýär diýip, BMGÖM-iň ýerli wekiliniň kömekçisi Röwşen Nurmuhamedow belleýär.

BMGÖM tarapyndan derman serişdelerini satyn almak açyk halkara bäsleşikler esasynda Daniýanyň Kopengagen şäherinde ýerleşýän baş edara binasynda amala aşyrylýar diýip, BMGÖM-nyň metbugat beýanatynda bellenilýär.

Süýji diabeti dünýäde kesellemegiň we adam pidasynyň esasy sebäplerinden biri bolup galýar. BSGG-nyň maglumatlaryna görä, bu kesel bilen dünýäde 422 million adam ejir çekýär – bu bolsa ýer ýüzündäki 11 adamdan biridir.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022