Saud Arabystany Patyşalygy Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşyk taslamasyny goldaýar. Bu barada Patyşalygyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Said Osman Ahmed Suweýdi penşenbe güni “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetinde Saud Arabystany Patyşalygynyň yglan edilen güni mynasybetli çap edilen makalasynda aýtdy.
“Saud Arabystany Patyşalygy Türkmenistanyň ählumumy energiýa durnuklylygynyň we energiýa gorlarynyň TOPH ýaly iri taslamalar arkaly dünýä bazarlaryna çykarylmakda köpdürliligiň möhümligi baradaky garaýyşlaryny goldaýar” diýip, ilçi Said Osman Ahmed Suweýdi belledi.
Şeýle hem diplomat ýurdunyň bu ugurda hyzmatdaşlyk edýändigini we bu ägirt uly taslamany goldaýandygyny aýtdy. Bu taslamanyň ykdysady hem-de jemgyýetiň ösüşine ygtybarly täsir eder diýip, ilçi sözüniň üstüni ýetirdi.
Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň uzynlygy 1 müň 840 kilometre barabar bolar. Onuň ýyllyk kuwwaty 33 milliard kub metre çenli tebigy gazy üpjün etmäge niýetlenip, geçiriji dünýäde ikinji iň uly gaz ýatagy bolan Galkynyşdan başlar. Gaz geçirijiniň soňky barjak ýeri Pakistan bilen Hindistanyň serhediniň golaýynda ýerleşýän Hindistanyň Fazilka şäheri bolar.
Hindistan bilen Pakistanyň hersi 14 milliard kub metr tebigy gaz, Owganystan bolsa galan 5 milliard kub metrini satyn alar.