Aşgabatda iki sany halkara lukmançylyk merkezi gurlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabatda iki sany halkara lukmançylyk merkezi gurlar
Halkara lukmançylyk merkezlerini 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak meýilleşdirilýär.

Aşgabatda şu ýylyň oktýabrynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň iki sany Halkara lukmançylyk merkeziniň gurluşygy başlar.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, duşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow degişli Kararlara gol çekdi. Resminamalara laýyklykda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň, şeýle hem 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň taslamasyny düzmek we gurmak üçin “Gap Inşaat” türk kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Lukmançylyk merkezlerini döwrebap lukmançylyk enjamlary, ätiýaçlyk şaýlary we sarp ediş serişdeleri bilen üpjün etmek, hünärmenleri ýörite taýýarlamak, ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak göz öňünde tutulýar.

Resminamalarda gurluşyk işlerine 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda başlamak we 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenilýär.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabat şäheriniň häkimligine “Gap Inşaat” türk kompaniýasy bilen Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly bilen Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýolunyň çatrygynda Aşgabat şäheriniň gulluklarynyň binasynyň taslamasyny düzmek hem-de gurmak boýunça şertnama baglaşmaga ygtyýar berýän Karara gol çekdi. Gurluşyk işlerine 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda başlamak we binany 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022