KAMAZ Türkmenistanda ýörite tehnikalaryň önümçiligini ýola goýmakçy

BIZNES TÜRKMENISTAN
KAMAZ Türkmenistanda ýörite tehnikalaryň önümçiligini ýola goýmakçy
Hyzmatdaşlygyň dowamynda Türkmenistana 11 müňden gowrak KAMAZ ýük awtoulaglary getirildi.

2022-nji ýylda Russiýanyň öňdebaryjy ýük awtoulaglarynyň öndürijisi KAMAZ Türkmenistanda ýörite tehnikalaryň önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýär.

Türkmenistanda ýörite tehnikalaryň önümçiligini guramak baradaky taslama Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Tatarystanyň wekiliýetiniň düzüminde iş sapary bilen Aşgabada gelen KAMAZ kompaniýasynyň baş direktory Sergeý Kogogin bilen ara alnyp maslahatlaşyldy.

Kompaniýanyň metbugat gullugynyň sişenbe güni beren habaryna görä, häzirki wagtda Türkmenistanda gurnamak üçin teklip edilen ýörite desgalaryň sanawy taýýarlanyldy. Taslamanyň çäginde kompaniýa tarapyndan arassa we senagat suwy üçin ýük awtoulaglaryny, ýangyç awtoulaglaryny, zibil ulaglaryny we senagatda ulanylýan beýleki ýük awtoulaglaryny ýurdumyzda ýygnamak mümkinçiligi göz öňünde tutulýar.

Şeýle-de duşuşykda Aşgabatdaky hyzmat merkezine degişli gurnama binasynyň gurluşygynyň we ulanyşa berilmeginiň 2022-nji ýylyň ahyrynda meýilleşdirilendigi bellenildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ýurdumyzyň welaýatlarynda durmuşa geçirilýän bilelikdäki taslamalary we 2019-njy ýylda gol çekilen KAMAZ awtoulaglaryny getirmek boýunça üç ýyllyk şertnamanyň ýerine ýetirilişiniň netijelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýlelik bilen, Türkmenistana hyzmatdaşlygyň dowamynda milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryna ulanylýan 11 müňden gowrak KAMAZ awtoulaglarynyň getirilendigi bellenildi. 2019-njy ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen gol çekilen ulag we ätiýaçlyk şaýlary bilen üpjün etmek şertnamasynyň çäginde KAMAZ kompaniýasy Türkmenistana soňky üç ýylda 2 müň ýük awtoulagyny getirdi.

Mundan başga-da, häzirki wagtda Türkmenistanyň welaýatlarynda KAMAZ awtoulag hyzmat merkezlerini gurmak boýunça taslamalar işjeň durmuşa geçirilýär. Türkmenbaşyda kompaniýanyň hyzmat merkeziniň açylyşy 2021-nji ýylyň oktýabr aýynyň ahyrynda meýilleşdirilýär. 2021-nji ýylyň ahyryna çenli KAMAZ Lebap welaýatynda, 2022-nji ýylda Mary we Daşoguz welaýatlarynda hyzmat merkezlerini açmagy meýilleşdirýär.

2022