“Sada” galoşlary we ädikleri Gruziýa eksport edildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Sada” galoşlary we ädikleri Gruziýa eksport edildi
Kompaniýanyň zawodynda dürli görnüşli aýakgaplaryň aýda 140 müň jübüdini öndürmäge mümkinçilik bar.

Ýurdumyzyň Mary welaýatynda ýerleşýän “Sada dostluk” hususy kärhanasy çarşenbe güni polimer çig mallardan öndürilýän “Sada” haryt nyşanly aýakgap önümlerini, şol sanda galoşlary we ädikleri Gruziýa eksport etdi.

“Sada dostluk” kompaniýasynyň “Biznes Türkmenistan” internet neşirine beren maglumatyna görä, bu kompaniýanyň Gruziýa ugradan ilkinji eksporty bolup, mundan ozal ol önümlerini Owganystana we Gyrgyzstana hem ugratdy.

Kompaniýanyň 2018-nji ýylda ulanyşa girizen zawody kämil tehnologiýalar bilen üpjün edilip, onda dürli polimer çig mallardan galoş, şypbyk, ädik ýaly aýakgap önümleriniň 30-dan gowrak görnüşi öndürilýär.

Zawodda dürli görnüşli aýakgaplaryň aýda 140 müň jübüdini öndürmäge mümkinçilik bar.

Şu günki günde “Sada” haryt nyşanly aýakgap önümleri ýurdumyzyň bazarlarynda uly islegden peýdalanýar. 

Kompaniýa geljekde sport aýakgaplarynyň önümçiligini ýola goýmak üçin degişli işleri alyp barýar.

2022