Türkmenistanyň Durnuklaşdyryş gaznasyndan täze önümçiliklere maliýe serişdeleri goýberiler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Durnuklaşdyryş gaznasyndan täze önümçiliklere maliýe serişdeleri goýberiler
Türkmenistanyň Durnuklaşdyryş gaznasy 2008-nji ýylda döredildi.

Ministrler Kabinetiniň anna güni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen nobatdaky mejlisiniň dowamynda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze önümçilikleri we söwda şertnamalary maliýeleşdirmek üçin “Durnuklaşdyryş gaznasynyň serişdelerini maýa goýum hökmünde gönükdirmegiň Tertibini tassyklamak hakynda” Karara gol çekdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Kararyň taslamasy milli Liderimiziň garamagyna wise-premýer Serdar Berdimuhamedow tarapyndan hödürlenildi.

Habara görä, Türkmenistanda durmuşa geçirilýän döwlet maýa goýum syýasatyna laýyklykda, önümçilik we durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň gurluşyklarynyň alnyp barylýandygyny we olaryň täzeleriniň gurluşygynyň meýilleşdirilýändigini nazarda tutup, Durnuklaşdyryş gaznasynyň serişdelerini dürli taslamalara bölüp bermek meýilleşdirilýär.

Resminama laýyklykda, Durnuklaşdyryş gaznasynyň serişdelerini karz edaralarynyň depozit hasaplaryna geçirmek arkaly döwlet düzümleriniň hem-de hususy bölegiň täze önümçiliklerini we söwda şertnamalaryny maliýeleşdirmek üçin gysga, orta hem-de uzak möhletli karzlary bermek göz öňünde tutulýar.

Resminamada Býujet kodeksine laýyklykda, karz bermegiň ugurlary giňeldildi we şertleri kämilleşdirildi, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, karz alyja bir taslamanyň çäklerinde berilýän karz serişdeleriniň aňryçäk möçberleri kesgitlenildi.

Durnuklaşdyryş gaznasy 2008-nji ýylda döredildi. Täze Karar Hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda hem-de Türkmenistanyň Býujet kodeksini ýerine ýetirmeklik maksady bilen taýýarlanyldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022