Eýran Türkmenistanda kuwwaty 400 kW bolan elektrik geçirijisini gurar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Eýran Türkmenistanda kuwwaty 400 kW bolan elektrik geçirijisini gurar
Türkmenistanyň Daşary işler ministri 400 kilowat kuwwatly elektrik geçirijisini gurmak barada täze şertnamanyň gazanylandygyny belledi.

Eýranly potratçylar Türkmenistanyň Mary şäherinden Eýranyň serhetýaka Sarahs şäherine çenli uzaýan kuwwaty 400 kilowat bolan elektrik geçirijisini gurarlar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň 16-njy mejlisinden soňra aýdanlaryna salgylanyp, “Mehr” agentligi çarşenbe güni habar berdi.

Meredowyň sözlerine görä, Eýran tarapyndan hökümetara toparynyň başlygy, ýurduň ýollar we şähergurluşyk ministri Rostam Gasemi bilen dürli meseleler boýunça belli bir netijeler gazanyldy. Käbir meseleleri geljekki ýygnaklarda garamak üçin yza süýşürmek kararyna gelindi.

Meredow Eýrana elektrik energiýasyny eksport etmek maksady bilen Türkmenistanyň çäginde 400 kilowat kuwwatly elektrik geçirijisini gurmak barada täze şertnamanyň gazanylandygyny belledi.

Mundan başga-da, taraplar gara we demir ýol geçelgelerinde, şol sanda Sarahs, Inçeburun we Lotfabad serhetlerinde harytlaryň daşalmagyny çaltlaşdyrmak, şeýle-de Şahid Rajai portunda Türkmenistana türkmen ýüklerini Eýranyň üsti bilen üstaşyr daşamak üçin ýer bermek boýunça ylalaşyk gazandylar.

Şeýle-de Türkmenistanyň baş diplomaty metbugat pudagynyň arasyndaky ylalaşyga degip geçip, hususan-da Aşgabatda IRNA habarlar gullugynyň edarasynyň açylmagyny hem-de Eýranyň radio we telewideniýe guramasy bilen Türkmenistanyň telewideniýe we radio ýaýlymlary boýunça döwlet komitetiniň arasyndaky özara düşünişmek Ähtnamasyna gol çekmek barada şertnama ünsi çekdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň başlygy şu güne çenli Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda 236 sany resminamanyň we üç sany täze teswirnamanyň gol çekilendigini belledi.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň 16-njy ýygnagy 26-27-nji oktýabr aralygynda Tähran şäherinde geçirildi