Gazagystan 2021-nji ýylyň dokuz aýynda Türkmenistana däne üpjünçiligini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 27% artdyrdy. Ýanwar-sentýabr aýlarynda Gazagystanyň demir ýoly arkaly Türkmenistana 13 müň tonna däne iberildi. Bu barada “ElDala.kz” saýtynda anna güni habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, däne üpjünçiliginiň ösüşi boýunça ilkinjileriň hatarynda Türkmenistandan başga-da Latwiýa, Azerbaýjan we Eýran ýaly ýurtlar bardyr. Şeýlelikde Latwiýa iberilýän önümler 840% ýokarlanyp, 8 müň 800 tonna barabar boldy. Ýagny 1 müň 200 tonnadan 10 müň tonna çenli ýokarlandy.
Eýrana edilen eksport Söwda taýdan iň ýokary ösüşi görkezip, 360 müň tonna (2020-nji ýylyň dokuz aýynda 88%) barabar boldy. Russiýa edilen eksport 56 müň tonna (14%), Azerbaýjana 5 müň 600 tonna (70%) deň boldy.
Öz gezeginde göterim derejesinde iň uly aşaklama Hytaýyň ugry bilen görkezildi, peseliş 51%-e deň boldy (270 müň tonna az). Özbegistana edilen däne eksporty 390 müň tonna deň bolup, göwrüm boýunça azlaryň hataryndadyr (bu ýurda edilen umumy eksportyň mukdaryndan 16% azdyr). Täjigistana ugradylan eksport 111 müň tonna azaldy (14% az).
2021-nji ýylyň dokuz aýynda Gazagystanyň demir ýoly arkaly eksport üçin jemi 6 million 393 müň tonna däne iberildi. Bu 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 10% ýa-da 684 müň tonna azdyr.
Ýaňy-ýakynda Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistana umumy bahasy 130 million ABŞ dollaryna deň bolan birnäçe önümiň, ilkinji nobatda un we bugdaý üpjünçiligini artdyrmaga taýýardygyny belledi.