Owganystanda TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy işjeňleşdiriler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Owganystanda TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy işjeňleşdiriler
Owgan tarapy ýurdyň çäginde Türkmenistan bilen bilelikdäki ykdysady taslamalaryň ählisiniň howpsuzlygynyň üpjün ediljekdigini beýan etdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Kabul şäherine iş saparynyň çäginde ýekşenbe güni Owganystanyň ýokary derejeli döwlet wekilleri bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi. Duşuşyklaryň barşynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň hem-de Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) elektrik geçirijisiniň gurluşygynyň işjeňleşdirilmegine seredilip geçildi. 

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň habar berşi ýaly, duşuşyklarda syýasy-ykdysady gatnaşyklar, howpsuzlyk ulgamyndaky ýagdaýlar hem-de ynsanperwerlik kömeginiň berilmegi boýunça pikirler alyşyldy. Mundan başga-da, taraplar Türkmenistandan Owganystanyň birnäçe welaýatlaryna demir ýollaryň işjeňleşdirilmegi bilen bagly meselelere seredip geçdiler.

“Biz iki ýurduň arasyndaky milli taslamalaryň mümkin boldugyça ýakyn wagtda işe girizilmegini ileri tutýarys, çünki olaryň durmuşa geçirilmegi üçin zerur bolan şertler, şol sanda howpsuzlyk aýratynlyklary hem döredildi” diýip, Owganystanyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Abdulsalom Hanafi belläp geçdi.

Owganystanyň Goranmak ministri Muhammad Ýakub hem-de Içeri işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Sirajuddin Hakkani bilen geçirilen işjeň gepleşikleriň barşynda owgan tarapy bilelikdäki ykdysady taslamalaryň ählisiniň howpsuzlygynyň üpjün ediljekdigini beýan etdi.

“Biz iki ýurduň arasyndaky infrastruktura hem-de ykdysady taslamalaryň howpsuzlygynyň üpjün edilmegi üçin tagallalarymyzy gaýgyrmarys” diýip,  Owganystanyň goranmak ministrliginiň ýolbaşçysy tassyklady.

Iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Owganystanyň Hökümetiniň başlygy Mohammad Hasan Ahund hem-de Owganystanyň Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Amir Han Muttaki bilen duşuşdy.

2022