ÝB howanyň global maýlamagyna garşy 1 milliard ýewro bölüp berer

BIZNES TÜRKMENISTAN
ÝB howanyň global maýlamagyna garşy 1 milliard ýewro bölüp berer
2030-njy ýyla çenli ÝB Ýewropanyň azyndan 100 şäherinde uglerod zyňyndylaryny nola çenli azaltmagy meýilleşdirýär. (Surat: TASS)

Ýewropa Bileleşigi (ÝB) howanyň global maýlamagyna garşy göreşmek boýunça innowasiýa tehnologiýalaryny oýlap tapmak üçin 1 milliard ýewro maýa bölüp berer. Bu barada Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen Beýik Britaniýanyň Glazgo şäherinde sişenbe güni geçirilen BMG-nyň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna (COP26) gatnaşyjylaryň 26-njy mejlisinde eden çykyşynda ýaşyl tehnologiýalara maýa goýum goýmak boýunça ÝB-ABŞ başlangyjyny hödürlände mälim etdi.

TASS agentliginiň habar berşi ýaly, Ýewropa Komissiýasynyň başlygy ÝB-niň bu başlangyja 1 milliard ýewro maýa goýum goýýandygyny habar bermekden hoşaldygyny aýtdy. Fon der Lýaýen bu başlangyjyň global maýlamaga garşy göreşe goşant goşjak tehnologiýalary ösdürmäge mümkin boldugyça hususy maýa goýumlaryny çekmäge itergi berjekdigini belläp geçdi.

Şeýle hem, ol 2030-njy ýyla çenli ÝB-niň Ýewropanyň azyndan 100 şäherinde uglerod zyňyndylaryny nola çenli azaltmak meýliniň bardygyny nygtady.

“ÝB anyk netijelere ünsi jemleýär. 2030-njy ýyla çenli Ýewropanyň azyndan 100 şäherinde howanyň bitaraplygyny üpjün etmek niýetimiz bar” diýip, Ýewropa Komissiýasynyň başlygy taslamanyň “Horizon Europe” innowasiýa goldaw maksatnamasynyň çäginde durmuşa geçiriljekdigini aýtdy.

COP26 1-nji noýabrda Glazgoda öz işine başlady we iki hepde dowam eder. Oňa dünýäniň 120-den gowrak ýurdundan döwlet baştutanlary we hökümet agzalary gatnaşýar. Maslahatda Türkmenistanyň wekiliýetine wise-premýer Serdar Berdimuhamedow ýolbaşçylyk edýär.