Türkmenistan Gyrgyzystana şertnamada göz öňünde tutulan elektrik energiýasynyň 60%-den gowragyny eksport etdi. Bu barada Gyrgyzystanyň Milli energiýa holdinginiň dolandyryşynyň başlygy Talaýbek Baýgaziýewiň metbugat ýygnagynyň barşynda mälim eden maglumatlaryna salgylanyp, “Akçabar” maliýe portaly çarşenbe güni habar berdi.
“Iş maglumatlaryna görä, eýýäm 305 million 800 müň kWt-sagat elektrik energiýasyny aldyk. Umumy meýilnama boýunça bolsa 501 million 900 müň gelip gowuşmaly” diýip, energiýa saklaýyş geňeşiniň başlygy belledi.
Onuň aýtmagyna görä, häzirki wagtda Gazagystan we Özbegistan hem Gyrgyzystany elektrik energiýasy bilen üpjün edýär.
“Şu güne çenli Gazagystanyň energiýa ulgamyndan elektrik alyş-çalşygynyň çäginde meýilnama boýunça 120 million kWt elektrik energiýasyndan 75 million 700 müň alyndy we Özbegistan meýilnama boýunça 100 million kWt elektrik energiýasyndan eýýäm 72 million 600 müňi bilen üpjün etdi” diýip, Baýgaziýew aýtdy.
Türkmenistanyň Gyrgyzystany 501 million 900 kWt elektrik energiýasy bilen üpjün etmek baradaky şertnama şu ýylyň awgust aýynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Çarymyrat Purçekow we Gyrgyzystanyň Energetika we senagat ministri Doskul Bekmurzaýew gol çekdiler.