Türkmenistanyň biržasynda satuwa çykarylan polipropilen bir günde doly satyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň biržasynda satuwa çykarylan polipropilen bir günde doly satyldy
Basyş usuly bilen guýulýan polimerleriň önümçiligi uçin niýetlenen polipropileniň 1000 tonnasy we polimer örtüginiň önümçiligi üçin niýetlenen polipopileniň 400 tonnasy satuwa çykarylypdy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda duşenbe güni eksport üçin Türkmenbaşynyň nebiti gaýtandan işleýän zawodlar toplumynda (TNGIZT) öndürilen 1 müň 400 tonna dürli görnüşli polipropilen (PP) satuwa çykaryldy. Bu önümlere isleg ýokary bolup, olar bir günüň dowamynda doly ýerlenildi. Bu barada “ICIS-MRC Price report” hasabatyna salgylanyp, ICIS himiýa önümlerini seljerýän halkara analitiki kompaniýasy çarşenbe güni habar berdi.

Habara görä, basyş usuly bilen guýulýan polimerleriň önümçiligi uçin niýetlenen polipropileniň 1000 tonnasy we polimer örtüginiň önümçiligi üçin niýetlenen polipopileniň 400 tonnasy satuwa çykarylypdy. Başlangyç bahalar her tonna üçin degişlilikde 950 ABŞ dollary hem-de 1 müň 610 ABŞ dollary boldy.

Güýçli isleg geleşikleriň başlangyç bahadan ýokary derejede hasaba alynmagyna sebäp boldy. Guýulýan polimerleriň önümçiligine niýetlenen PP-niň FOB/FCA şertinde bir tonnasy 1 müň 613 ABŞ dollaryna we polimer örtüginiň önümçiligine niýetlenen PP-niň FOB/FCA şertinde bir tonnasy 1 müň 661 ABŞ dollaryna satyldy. Geleşikler alty aýyň içinde iberiş şertleri bilen baglaşyldy.

Balkan welaýatynda ýerleşýän TNGIZT 1943-nji ýylda esaslandyrylyp, Türkmenistanyň garaşsyzlyk ýyllary döwründe düýpli özgerişlikleri başdan geçirdi we häzirki wagtda sebitdäki öňdebaryjy nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň biridir.

Türkmenistanda PP Gyýanly polimer zawodynda hem öndürilýär.