Eýranyň Sarahs etrabyndan Türkmenistana geçýän eksport ýükler üç esse artdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Eýranyň Sarahs etrabyndan Türkmenistana geçýän eksport ýükler üç esse artdy
Serhetden her gün geçýän ýük awtoulaglaryň sany 50-den 150-ä ýetdi.

Türkmen we eýran resmileriniň arasynda ýakynda gazanylan ylalaşyklar Eýranyň Sarahs etrabyndan Türkmenistana geçýän eksport ýükleriň mukdarynyň üç esse artmagyna getirdi. Bu barada etrabyň häkimi Mohammad Reza Rajabini IRNA agentligine penşenbe güni beren interwýusynda mälim etdi.

Rajabininiň belleýşi ýaly, Sarahs etrabynyň serhedinden Türkmenistana her gün geçýän ýük awtoulaglaryň sany 150 ýetdi. Iki hepde mundan öň günlik serhetden geçýän ýük awtoulaglaryň sany 50 deňdi.

Eýranyň häzirki hökümetiniň goňşy döwletler bilen gatnaşyklary ileri tutmak syýasatynyň netijesinde ýurdyň Türkmenistan bilen serhetýaka hyzmatdaşlygy we söwdasy ösdi diýip, Rajabi interwýunyň dowamynda belledi.

Eýran 2021-nji ýylyň ýaz we tomus möwsümlerinde Sarahs demir ýol geçelgesiniň üsti bilen Merkezi Aziýa ýurtlaryna eksportyny geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende üç esse artdyrdy. Degişli döwürde Sarahs demir ýol geçelgesinden Merkezi Aziýa ýurtlaryna 9 müň 500-den gowrak wagonlarda 600 müň tonna golaý ýük eksport edildi.

2022