Türkmen benziniň Özbegistana eksporty 127 million litre golaýlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen benziniň Özbegistana eksporty 127 million litre golaýlady
Şu ýylyň ilkinji dokuz aýynda Özbegistan 289 million litrden gowrak benzin import etdi.

Türkmenistan 2021-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda Özbegistana 126,8 million litr benzin eksport etdi. Bu barada Özbegistanyň Döwlet statistika komiteti duşenbe güni habar berdi.

Häzirki wagtda Türkmenistan goňşy ýurdy Russiýadan soň ikinji iri ýangyç bilen üpjün edijidir.

Şu ýylyň ilkinji dokuz aýynda 289 million litrden gowrak benzin import etdi. Bu ýangyçlaryň umumy bahasy 104 million ABŞ dollaryna barabar boldy. Şeýlelik bilen, benziniň importy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 137 litr ýokarlandy.

Komitetiň maglumatlaryna görä, şu ýylyň ilkinji dokuz aýynda Russiýa (140,5 million litr) Özbegistana ýangyç ibermekde öňdeligi saklaýar. Özbegistana ýangyç eksport eden döwletleriň hataryna Türkmenistandan soňra Gazagystan (16 million litr) we Yrak (3,6 million litr) girýär.

Özbegistanyň 2021-nji ýylyň ilkinji dokuz aýynda Türkmenistan bilen daşary söwda dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 22.1% ýokarlanyp, 491,4 million ABŞ dollaryna ýetdi.

Degişli döwürde Özbegistan 354,5 million ABŞ dollaryna barabar bolan türkmen önümlerini import etdi. Şol bir wagtyň özünde, ýurduň Türkmenistana eksporty 136,9 million ABŞ dollaryna deň boldy.

2022