Türkmen-özbek söwda dolanyşygy 22,1% ýokarlandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen-özbek söwda dolanyşygy 22,1% ýokarlandy
Türkmenistan Özbegistanyň söwda hyzmatdaşlarynyň ilkinji onlugyna girýär.

Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 491 million 400 müň ABŞ dollaryna barabar boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 22,1% ýokarydyr. Bu barada Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň duşenbe güni çap eden hasabatynda maglumat berilýär.

Hasabata görä, geçen ýylyň degişli döwründe iki goňşy döwletiň arasyndaky söwda dolanyşygy 382 million 800 müň ABŞ dollaryndan gowrak bolupdy. Türkmenistan Özbegistanyň söwda hyzmatdaşlarynyň ilkinji onlugyna girýär.

Şu ýylyň ilkinji dokuz aýynda Özbegistan 354 million 500 müň ABŞ dollarlyk türkmen önümlerini import etdi. Şol bir wagtda, ýurduň Türkmenistana eksporty 136 million 900 müň ABŞ dollaryna barabar boldy.

Bu döwürde Özbegistanyň daşary söwda dolanyşygy 28 milliard 200 million ABŞ dollaryna ýetip, 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 680 million 400 müň ABŞ dollary ýa-da 2,5% ýokarlandy.

Özbegistanyň Hytaýa eksporty 1 milliard 800 million ABŞ dollaryna, bu ýurtdan importy bolsa 3 milliard 600 million ABŞ dollaryna golaýlady.

Degişli döwürde Özbegistanyň beýleki daşary ýurt söwda hyzmatdaşlarynyň arasyna Russiýa ($5,1 milliarddan gowrak), Gazagystan ($2,8 milliarddan gowrak), Türkiýe ($2,43 milliarddan gowrak), Günorta Koreýa ($1,37 milliard töweregi), Gyrgyzystan ($682 milliona golaý), Germaniýa ($560 milliondan gowrak), Owganystan ($489 milliona golaý) we Ukraina ($451 milliondan gowrak) girdi.

Daşkent şäherinde söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-özbek hökümetara toparynyň şu ýylyň sentýabr aýynda geçiren nobatdaky 16-njy mejlisiniň dowamynda taraplar ýakyn geljekde özara söwda dolanyşygyny 1 milliard ABŞ dollaryna ýetirmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

2020-nji ýylda Özbegistanyň Türkmenistan bilen haryt dolanyşygy 527 million ABŞ dollaryna barabar boldy.

2022