Türkmenistan ÝTÖB bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirmegi maksat edinýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan ÝTÖB bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirmegi maksat edinýär
Taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ulgamlaryň ählisi boýunça özara hereketleri ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistan Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky (ÝTÖB) bilen giň gerimli hyzmatdaşlygyň has-da işjeňleşdirilmegini maksat edinýär. Bu barada anna güni onlaýn görnüşinde geçirilen Türkmenistanyň we ÝTÖB-niň wekiliýetleriniň ýygnagynda aýdyldy.

Türkmenistanyň DIM-niň habar berşi ýaly, ÝTÖB tarapyna Merkezi Aziýa boýunça Dolandyryjy direktory Žužanna Hargitain wekilçilik etdi. Türkmen tarapyndan onlaýn ýygnaga Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygy Gadyrgeldi Müşşikow hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew gatnaşdylar.

Işjeň gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistanyň karz-maliýe edaralarynyň hem-de hususy pudagynyň ÝTÖB bilen alyp barýan özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň ençeme ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmen tarapy ekologiýa düzüjileriniň nazarda tutulmagynda, energetika we ulag pudaklarynda, ýeňil senagatda, kiçi we orta telekeçiligi goldamak ugrunda gatnaşyklaryň ösdürilmegi arkaly, ÝTÖB bilen giň gerimli hyzmatdaşlygyň has-da işjeňleşdirilmeginiň derwaýyslygyny nygtady.

ÝTÖB-niň wekili hem öz gezeginde bankyň türkmen tarapyna geljekde hem degişli goldawlary bermäge taýýarlygyny tassyklamak bilen, bu ugurda bilelikde durmuşa geçirmek üçin ähmiýetli mümkinçilikleriň bardygyny belläp geçdi.

Gepleşigiň dowamynda taraplar şeýle-de özara gyzyklanma bildirilýän ulgamlaryň ählisi boýunça özara hereketleri ösdürmegiň mümkinçiliklerini hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Ozal habar berlişi ýaly, ÝTÖB Merkezi Aziýa döwletleriň – Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Mongoliýanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň – ykdysadyýetleriniň 2021-nji ýylda ortaça 4,9% ösmegini çaklady. Hasabata görä, ösüşe COVID-19 pandemiýasy sebäpli çäklendirmeleriň ýuwaş-ýuwaşdan ýeňilleşdirilmeginden soň bu ýurtlarda içki işewürligiň kadalaşmagy, şeýle-de kärhanalara we hojalyklara berilýän karz pul serişdeleriniň artmagy sebäp bolandygy bellenilýär.